0

Magtymguly Pyragy – dünýä danasy

image

  

    Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata  Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Magtymguly Pyragy – dünýä danasy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

   Gürrüňdeşlikde Magtymguly Pyragynyň döredijiligi nusgawy edebiýatyň hazynasydygy, dana akyldaryň dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussatdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň mertligi, batyrlygy, watançylygy wasp eden şahyr hökmünde kalplarda baky orun alyp, munuň özi akyldar şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatynyň aýdyň beýanydyr diýip belläp geçdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda  Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giň gerimde dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.