“Hakyda göwheri – nesillere nusgalyk ýörelge
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby esasynda “Hakyda göwheri – nesillere nusgalyk ýörelge” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasyna öwrülendigi we ýaş nesillere ylham çeşmesi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýäniň ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri, taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýändigi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň şöhratly taryhyny sarpalaýan, ýurdumyzyň geljegini ösüşli menzillere sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.