25

Saglyk-geljekki ýaş nesile gymmatly baýlykdyr

image

      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi "Saglyk-geljekki ýaş nesile gymmatly baýlykdyr" ady bilen wagyz-nesihat aýdym-sazly çäre geçirdi.
      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ,,Saglyk’’ Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünyä derejesinde
has-da kämilleşýär.


      "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda mekdebimiziň halypa mugallymlarynyň hem-de sazanda toparlarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik paýhasyndan syzlyp çykan "Ömrümiň manysynyň
dowamaty" atly kitaby bilen tanyşdyrylyş dabarasynda jemgyýetçilik köpçüligine niýetlenen ruhy, medeni çykyşlary bilen ýetginjekleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan eýýäm giň möçberli, netijeli işler
durmuşa geçirlendigi barada we haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bolup bermek hakynda çözgütler kabul edilenligi barada aýdyp geçdiler. Mugallymlaryň çykyşynda ýurdumyzyň her bir, ýaş nesil hakyndaky alada, bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmak üçin başlangyç şertleri döretmek häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuş hem-de ruhy sagdynlygyny onuň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň dowamat bolmagyny giň gerimli işler geçirilýändigi barada aýtdylar.
      Çäräniň ahyrynda ynsan saglygyny goramak babatda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimize Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýtdylar.