75

Kanunym- mertebäm, tugum togabym

image


      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Kerim  Gurbannepesow  adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 47-nji  orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň  Konstitusiýasynyň  we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramyna  bagyşlap “Kanunym- mertebäm, tugum togabym” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

        Çärede çykyş edenler  ata Watanymyzda   Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň  Döwlet  baýdagynyň   gününiň  bilelikde bellenip geçirilmeginiň  uly manysynyň bardygyny, çünki bularyň ikiside halkymyz üçin mukaddeslik bolup, bu goşa mukaddesligiň türkmeniň gözüniň  guwanjy, köňlüniň buýsanjy bolup, olary bir- birinden aýyrmak asla mümkin däldigini nygtadylar. Çünki, Esasy  Kanunymyz il- günümiziň bagtyýar geljeginiň, ata Watanymyzyň beýik ösüşleriniň beýany bolsa, Döwlet baýdagymyz ýurduň özbaşdaklygyny, özygtyýarlygyny, asudalygynyň, halkyň agzybirliginiň, jebisliginiň, buşlukçysy bolup,   Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä  derejesinde gazanýan ajaýyp  üstünliklerini äleme ýaýýandygyny buýsanmak bilen bellediler.

   Çäräniň dowamynda  ýaş nesilleriň ýerine ýetiren şygyrlary, aýdymlary çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.

       Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwletiniň, ajaýyp zamanasynyň abraý-mertebesini tug deýin belentde göterip, ýagty geljege sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.