28

Baýdagymyz – başymyzyň täjidir, Kanunymyz – kalbymyzyň güýjidir

image

      

      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow  adyndaky  kitaphana  şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet  baýdagynyň güni mynasybetli “Baýdagymyz – başymyzyň täjidir, Kanunymyz – kalbymyzyň güýjidir” ady bilenaýdym-sazly  baýramçylyk çäresi geçirildi.

          Baýramçylyk çärede çykyş edenler ýurdumyzyň esasy Kanuny we ýaşyl baýdagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýän we döwlet nyşanlary umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de bagtyýar talyp ýaşlarymyz bolsa türkmen halky tarapyndan agzybirlik  bilen toýlanýan bu gymmatlyklarymyzyň goşa baýramy ýaşlaryň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň çäksiz belentliklerine göterýär olary halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy ugrundaky döredijilikli zähmete mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar diýip uly buýsanç bilen gürrüň berdiler we baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

          Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.