Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň baýramçylyk konserti
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň baýramçylyk konsertiniň
BEÝANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bitewi Kanuna esaslanýan Türkmenistan döwletimiziň Baýdagy belentde parlaýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň milli mukaddeslikleridir. Bu mukaddeslikler asuda asmanly, parahat zeminli Diýarymyzyň esasy Kanuny we döwlet nyşanydyr, ýurt berkararlygymyzyň ykrarnamasydyr. Türkmen Tugunyň ýaşyl reňki ýaşaýşy, haly gölleri – türkmenleň dünýä belli halylary dokaýandygyny, zeýtun şahalary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny, Aýyň şekili abadançylygy, ýyldyzlar bäş welaýatymyzy alamatlandyrýar. Esasy Kanunymyz il-günümiziň bagtyýar geljeginiň, ata watanymyzyň beýik ösüşleriniň beýany bolsa, ýaşyl Tugumyz baky bagtyýarlygymyzyň, erkanalygymyzyň buşlukçysydyr. 7-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda şular dogrusynda gürrüň edildi, nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň baýramçylyk dabarasyna degişli çeken suratlary bu günki baýramçylyk dabaramyzda sergilendi, mekdebimiziň aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti hem bu günki baýramçylygyň şowhunyny hasda artdyrdy. Adalatlylygyň, abadançylygyň, parahatçylygyň nyşany bolan ýaşyl Tugumyz mydama belentde buýsançly pasyrdap, ýagty geljegimize ak ýol açýan esasy kanunymyz erkanalygymyza, baky bagtymyza dowamat bolsun, mizemez kanunçylyk binýatly Türkmenistan Watanymyzyň toýlarynyň toýa ulaşmagyny hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw edildi.