59

Bagt Kanuny, bakylygyň baýdagy

image

    

     Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde gurnamagynda “Bagt Kanuny, bakylygyň baýdagy” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

      Baýramçylyk çäresinde  çykyş edenler Döwlet baýdagymyzyň saýasynda bu gün eziz Watanymyz ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan günlerinde asylly däpleriniň, şan- şöhratynyň, halkara abraýynyň güwäsi bolup, al-asmanda erkana pasyrdaýandygyny, goşa mukaddesligiň şanyna tutulan toýlar milletimiziň agzybirligini, mertebesini, buýsanjyny alamatlandyrýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

      Çäräniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde şirin owazlar ýaňlandy.

      Aýdym-sazly baýramçylyk çäresiniň  ahyrynda toýlara beslenýän diýarymyzyň Döwlet baýdagynyň parahatçylygyň, dost-doganlygyň  nyşany hökmünde dünýä tanadan  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.