53

Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym

image


      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň gurnamagynda we Garadaşaýak medeniýet öýüniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym” ady bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy mizemez agzybirligimiz, bitewüligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti, parahatçylyk ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde ýer ýüzünde belentden pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir. Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gymmatyny hasda artdyrmak we dabaralandyrmak, nesilleri watançylyk we belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasy bilen baýdak meýdançasyny, şeýle hem welaýat merkezlerinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli baýdak meýdançalary döredildi.