“Parahatçylygyň binýady” atly medeni çäresi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet
öýüniň hem-de Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak
kitaphana şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda “Parahatçylygyň binýady” atly medeni çäresiniň
BEÝANY
Döwlet nyşanlary milli ýörelgeler we umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedir hem-de halkymyzyň nurana geljegi bolan garaýyşlaryny äşgär edýär. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk medeniýet öýi hem Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda “Parahatçylygyň binýady” ady bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäresi gurnaldy. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Döwlet Baýdagymyz şäheriň islendik künjeginde görünýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň gözelligi bilen sazlaşýan Döwlet baýdagy watansöýüjilik we mähriban Watana bolan söýgi ýaly bahasyz gymmatlyklary, bahar şemalyna erkin pasyrdaýar diýip çäräniň dowamynda bellediler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljegiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmatlygymyzdyr” diýip belleýär. Çäräniň ahyrynda çärä gatnaşanlar Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkyna berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.