18

“Bagtyň binýady – Ýaşyl Tugum”

image


      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Gypjak medeniýet öýi we Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda “Bagtyň binýady – Ýaşyl Tugum” ady bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi

BEÝANY

      Mähriban Watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň biri bolan Baýdagymyz halkymyzyň agzybirlikli we döredijilikli zähmeti
netijesinde eýe bolan belent sepgitlerini dünýä aýan edip, al - asmanda parlaýar. Döwlet baýdagy ýurduň, onuň syýasy gurluşynyň we garaşsyzlygyň nyşanydyr. Berdaşly gollarda juda buýsançly pasyrdaýan Baýdagymyzyň reňki, onda ýerleşdirlen haly gölleri, Aý hem ýyldyzlar, zeýtun pudajyklary ajaýyp bir sazlaşygy döredýär. Ýaşyl Baýdagymyz biziň guwanjymyzdyr, onuň görki keşbi, aýdyň mazmuny halkymyzyň milli häsýetine, ata – baba dessuryna laýyk gelýär. Döwlet baýdagy türkmeniň berkararlygynyň baky kepilidir, her birimiz üçin mukaddes hem-de ezizdir. Ýaşyl Tug türkmeniň döwletli ýol – ýörelgeleriniň,
Watanymyzyň taryhy şan – şöhratynyň hem – de bagtyýar geljeginiň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!