13

Beýik şahsyýetlerimiziň öçmejek şöhleleri

image


      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda “Ylham” seýilgähinde “Beýik şahsyýetlerimiziň öçmejek şöhleleri” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler geçmişde yz galdyran beýik şahsyýetleriň, meşhur türkmen ýazjy-şahyrlaryň ömri we döredijiligini, eserlerini giňden öwrenilip, ýaş nesilleriň arasynda wagyz edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de “Ylham” seýilgähinde ýerleşdirilen beýik  şahsyýetleriň heýkellerine ser salaňda göýä asyrlaryň jümmüşine alyp gidýän taryhyň sahypalaryny agdarýan ýaly bolýandygy, beýik şahsyýetleriň eserleriniň öz döwründe biri-birinden tapawutlanýandyklaryny we özboluşly häsiýetleriniň bardygyny aýratyn bellediler. Mundan başga-da ata-babalarymyz bilen öz aramyzdaky ruhy üznüksizligi dikeltmek hem berkitmek wajyp wezipeleriň biri bolup durýandygy hakynda aýtdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda  ata Watanymyzy beýgelden görnükli şahsyýetlerimiziň sarpasyny belentde saklaýan  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.