76

AŞGABAT ŞÄHER MEDENIÝET MÜDIRLIGINIŇ 2-NJI ÇAGALAR ÇEPERÇILIK MEKDEBINIŇ HASABAT SERGISI

image


      “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebini uly üstünlik bilen tamamlaýan göreldeli zehinli okuwçylaryň diplom işleriniň hasabat sergisi türkmen döwlet gurjak teatrynda gurnaldy. Bagtyýar ýaşlarymyzyň ýerine ýetiren diplom eserleriniň ählisinde Watançylyk duýgulary has aýdyň görünýär. Gül Diýarymyzyň gözel künjekleriniň täsin gözellikleri diplom eserleriniň ählisinde  çeperçilik taýdan çuň manyly edilip ýerine ýetirilen. Nakgaşçylyk hünärini üstünlikli tamamlaýan uçurumlarymyzyň diplom eserleriniň köp bölegi suwly boýaglary bilen ýerine ýetirilen. Her bir ýerine ýetirilen diplom eseri saýlanan temasyna aýdyň  ýakyndyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy hemişelik Bitaraplygymyzy asuda parahat ýurdumyzyň Bagtyýarlygyny, bedew batly ösüşli menzillerimizi ýaş nesillerimiz dürli reňkli we diňe gara galamyň kömegi bilen ýerine ýetirilen eserlerde-de hakyky çeperçilik mazmunlary sazlaşykly görkezilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan diplom eserleri hem bar.    

       Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebini uly üstünlik bilen zergärçilik bölüminiň okuwçylary hem tamamlaýarlar. Olaryň ýerine ýetiren diplom eserleri hem milli sungatymyzyň aýrylmaz bir parçasyna ýugrulandyr. Her bir diplom eserde milli nagyşlaryň şekilleri, tebigatyň gaýtalanmajak tebigy gözellikleri bilen bagly şekiller sazlaşykly beýan edilýär. Nepisden, inçe ýerine ýetirilen eserleriň ählisinde uly zähmet we çäksiz höwes duýulýar.

    Keramika bölümini tamamlaýan uçurumlaryň ýerine ýetiren diplom eserleri hem diýseň çaga ussatlygy bilen görkezilýär. Toýun palçygyndan eýläp, timarlap ýerine ýetirilen her bir diplom eserinde ýokary çeperçilik aýdyň beýan edilýär. Dürli göwrümdäki küýzeleriň bezeg aýratynlyklary özüneçekijiligi bilen tapawutlanýar. Millilik ruhunda şekillendirilen bu keramika küýzeleri mekdebiň içki interýerlerini has baý görkezip, hemmäniň ünsüni özüne çekýär.

 

 Öz gezegimizde biz mugallymlar bolup şeýle eşretli durmuşda ýaşamaga, zähmet çekmäge ýaş nesillere bilim terbiýe berip, hünär öwretmäge döredip berýän ähli mümkinçiliklerine Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlar aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolsun.