18

Aşgabat - bagtyýarlygyň şäheri

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Aşgabat - bagtyýarlygyň şäheriady bilen gürrüňdeşlik  geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ak şäherimiz  Aşgabadyň beýik  ösüşlere beslenýändigini, gözelligiň gaýtalanmajak nusgasy bolan, hemmeleriň göwün isleginiň, arzuwlarynyň hasyl bolýan ýeri merjen paýtagtymyz bu  gün ajaýyplygy bilen dünýäde giňden tanalýandygyny buýsanç bilen bellediler. Mundan başda-da Hormatly  Prezidentimiziň taýsyz  tagallasy bilen  paýtagtymyz özüniň milli binagärlik däpleri, ak mermerli binalary, ekologik arassalygy, suw çüwdürimleriniň  ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri özüne bendi edýändigini we göwnüňi galkyndyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň  ahyrynda gözel paýtagtymyzy beýik ösüşler bilen dünýä meşhur edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.