“Arkaç” söwda we dynç alyş merkezinde gezelenç
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň, Büzmeýin Halk döredijilik öýüniň medeni köpçülik çäreleriniň guramaçysy Hudaýgulyýewa Suraý Paýtagtymyzdaky täze açylyp ulanmaga berlen “Arkaç” söwda we dynç alyş merkezinde gezelenç çäresini gurady.
Ol berilen “Arkaç” söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän söwda bölümlerinde türkmen milli lybaslary, milli nagyşlary we haly önümler dükanlarynda “Çeper eller” gyzlar gurnagyna gatnaýan çeper höwesjeňlere özlerine has täsir galdyrdy diýip giňişleýin gürrüň berdi.
Sözüniň soňunda türkmen milli el işlerini, türkmen halylaryny umuman türkmen milliligini ösdürmekde hem-de dünýä ýaýmakda uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlaryny aýtdy we olaryň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, her bir tutýan tutumly işleri rowaç almagyny arzuw etdi.