44

Türkmen halysy – milligiň gözbaşy

image

 

      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde  guramagynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Türkmen halysy-milligiň gözbaşy” ady bilen wagyz- nesihat çäresi geçirildi.

 Çärede  çykyş edenler halkymyzyň sungat derejesine ýetiren ajaýyp sungat eserleriniň biri bolan türkmen halysy gelin-gyzlaryň uz barmaklarynyň hünäriniň çeperligi bolup, ol halkymyzyň hala çitýän gölleriniň inçeden, örän gadymy kökleri barada, ene-mamalarymyzyň “Bir okana bar, bir-dokana” diýip belleýşi ýaly, halynyň beýik sungatdygy, halyny dokan bilen okan adam deň derejede görlüp, hormat goýulýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen zenanlary dokan nepis halylaryna salynýan nagyşlarynyň üsti bilen halkymyzyň geçmişini, geljegini, tebigatyny  ussatlyk bilen çeper beýan etýändikleri hakynda beýan etdiler.  

Çäräniň ahyrynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly  Gahryman Serdarymyza  alkyş sözleri aýdyldy.