138

GADAMY BATLY ÝAŞLAR

image


      Berkarar döwletimiziň  täze eýýamynyň ajaýyp ýylynda ýagny, Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 2023-2024-nji okuw ýylyny uly üstünlik bilen tamamlaýan Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň göreldeli okuwçylary okuw binasynda dört ýylyň dowamynda okap bilim alyp, öwrenen hünärlerinden diplom gorag işleriniň dabarasy geçirildi.

   Bu dabara Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu dabara ýokary guramaçylykly boldy. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebini şekillendiriş sungatynyň “Nakgaşçylyk”,  “Zergärçilik”, “Keramika” ýaly bölümlerinden tamamlaýan uçurymlaryň diplom işlerinde Watançylyk temasyna esasy orun berildi.

 Ýurdumyzda toýlanýan toý baýramçylyklarymyza bagyşlanan baýramçylyk ruhyndaky eserlerde türkmen halkynyň baý milli mirasy, däp-dessurlary, edim-gylymlary, yrym-adatlary çeper beýan edildi. Nakgaşçylyk eserlerinde reňk sazlaşyklary aýdyň duýulýar. Gözýetim çuňlugy has giň beýan edilýär. Halypa mugallymlaryň her birisi  2-nji çagalar çeperçilik mekdebini tamamlaýan ýaş uçurumlara şekillendiriş sungat ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdiler we degerli maslahatlaryny berdiler.

        Şeýle ajaýyp pursatdan peýdalanyp Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we zehinli okuwçy ýaşlary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilip berilýän ähli mümkinçiliklere köp-köp sagbolsunlar aýdýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun.