“Aşgabat – bagtyýarlygyň mekany” atly medeni çäre
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Ýasmansalyk, Gypjak, Garadaşaýak medeniýet öýleriniň hem-de Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň bilen bilelikde gurnamagynda “Aşgabat – bagtyýarlygyň mekany” atly, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap medeni çäre geçirildi. Çärä gatnaşanlar “Sebitiň binagärlik dürdänesi” diýlip atlandyrylýan, ýylsaýyn däl, günsaýyn özgerýän gözel Aşgabat bu günki gün parahatçylyk aýdymy ýaňlanýan, häzirki zaman täzeçillikleri giňden ornaşdyrylýan şäher hökmünde dünýäde tanalýar diýip aýtdylar. Çäräniň dowamynda eziz Watanymyz syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, sungatda ýagny, hemme ugurlar boýunça uly ösüşleri amala aşyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabat, ýaşamak we dynç almak üçin dünýaniň iň owadan we amatly şäherleriniň biri diýip bellediler. Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýtdylar, il bähbitli ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.