Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň baýramçylyk konserti
Bütin dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen ýeri, iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan şäheri bu biziň paýtagtymyz - Aşgabat. Halkymyz ony “Arzuwlaryň amala aşýan şäheri”, “Aziýanyň merjeni” diýip atlandyrýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz Aşgabady çeper söz bilen şeýle beýan edýär: “Aşgabat nurana geljege alyp barýan ýollarymyza şugla saçýan şamçyragdyr, Aşgabat halkymyzyň kalbynyň buýsanjy, dilleriniň senasy”. Taryh üçin gysga salymda Aşgabat şäherimiz özgerip, “Aziýanyň merjenine”, “Dünýäniň göwher gaşyna” öwrüldi. Dünýäni haýrana goýýan paýtagtymyz ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
“Aşgabat” monumenti paýtagtyň binagärlik nyşanlarynyň biri bolup, ol parahatçylygyň, bagtyýarlygyň şöhlenenmesine öwrüldi. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni giň gerimde bellenilip geçilýär.
Biziň 7-nji çagalar sungat mekdebimizde hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli mugallymlarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi. Mekdebimiziň “Şowhun” hor topary, “Owaz” skripkaçylar topary, “Mukam” dutarçylar toparlarynyň okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, nakgaş bölüminiň okuwçylarynyň paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň owadanlyklaryny-gözelliklerini özünde jemleýän surat eserleri bilen çykyş etdiler. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda mekdebimiziň mugallymlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize Arkadagly Gahryman Serdarymyza Aşgabat şäheriniň güni bilen ýürek buýsançlaryny, alkyş sözlerini aýtdylar. Türkmenistan Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäherimiziň toýlarynyň toýa ulaşmagyny hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw etdiler. Goý paýtagtymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty belende galsyn.