111

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli gürrüňdeşlik çäresi

image


      Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärede Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň hünärmeni Mämekow Medet Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Aşgabat şäherimiz gün saýyn dälde, sagat saýyn pajarlap ösýär, diýip sözüni dowam etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp desgalaryň ýedisiniň Ginnessiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen döwletiniň binagärlik sungatynyň belent sepgitlere ýetendiginiň nyşanydyr. Şäherimizde gurulýan bir-birinden ajaýyp ak binalaryň sany gün saýyn artýar, ýurdumyzyñ we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin gurulýan seyilgähler, medeni dynç alyş merkezleriniñ sany barha köpelýär. Köçeleriñ aýna ýaly lowurdap durmagy, owadan baglar güller dürli görnüşdäki suw çüwdürimleri, gijelerine bolsa  dürli öwüşgünli görnüşli çyralar bilen bezelmegi şäherimiziñ görküne has-da görk goşýar. Biz medeniýet we sungat işgärleri hem öz gezegimizde şähermiziñ ajaýyplygyny aýdymdyr-sazlar, goşgularymyzyñ üsti bilen wasp edýäris. Şähermiziň gözelligini heýkeltaraşlar we suratkeşler öz ajaýyp eserlerinde beýan etmegi başarýarlar.

   Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli bütin türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Bizi şeýle ajaýyp parahat ýurtda, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başaran ak şäherimiz Aşgabatda ýaşamaga, şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp- köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys, goý olaryñ il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn, janlary sag, belent başlary aman bolsun.