46
"Ak şäherimiz Aşgabat" günine bagyşlanan "Döwre garap" dost-doganlyk gepleşiginiň baýramçylyk konserti
Gözel paýtagtymyzyñ Magtymguly seýilgähinde Aşgabat şaher medeniýet müdirliginiñ 2-nji çagalar sungat mekdebiniň zehinli okuwçylary "Döwre garap" dost-doganlyk şahyrlarymyzyň gepleşiginiň dürli žanrlardaky eserlerini ýürek joşgunlary bilen ýerine ýetirdiler. Watanymyzda toýlar-toýa ulaşýar. Şonuň üçin hem biz täzeden-täze çykyşlarymyz bilen halkymyzy begendirmek üçin diňe bir türkmen eserleri däl-de, dost-doganlyk eserleriň üstünde hem köp zähmet çekeris diýip, okuwçylarymyz özleriniñ ýürek joşgunlaryny, begençlerini aýtdylar. Ýaş nesil bagtyýarlygyň ruhundan kemala gelip, kämil dowamat bolup ýetişýär. Biziñ mekdebimizde okap bilim alýan okuwçylaryň ýiti saz ýetişikleriniň we saza bolan zehininiň uludygyny her bir çykyşlarynda duýmak bolýar. Gelejegi umytly ýaşlaryň saza, sungata sarpasy, söýgüsi uly. Mekdebimiziň aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetirýän döwrebap aýdymdyr sazlary baýramçylyklaryň bezegidir, göwünleriň küýsegidir. Mekdebimiziň okuwçylary Skripka saz guralynda Ataýewa Sähra şeýle hem Osmanow Weýis ýekelikde saz çalmakda, Ýollyýewa Leýli, Kakyşowa Ejegül dagylar hem ýekelikde aýdym aýtmakda üstünlikli çykyş etýärler.
Sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edŷäris.