32

"Dünýä meşhur şanyña, Türkmen halysy"

image
   Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde "Dünýä meşhur şanyňa, Türkmen halysy" örän gyzykly söhbetdeşlikler, aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Gyzlarymyz öz el işleri alaja, jorap dokamak, ýüň egirmek, keşde çekmek ýaly biziň ene-mamalarymyzdan miras galan nusgalyk işleri etmek bilen birlikde aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Bu dabarada "Gözel haly-Eý daragym batlan, Geliň aýdym aýdalyñ" ýaly aýdymlar joşgunly ýaňlandy. Many-mazmun taýdan ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. Aýdymlaryň üsti bilen okuwçylaryň zähmet söýerlik, erjellik, sungata, haly sungatyna bolan uly söýgi, hormat duýgylary oýarýar. Mundan başgada okuwçylaryň ýerine ýetirijilik, dürli žanrlarda wokal, milli äheňleriň inçe tilsimlerini ýerine ýetirmek ukybyny ösdürýär. Ajaýyp halylarymyzyñ asylky şöhratyny dünýä dolduran mähriban Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle hem üýtgeşik gözelligi döredýän halyçy gelin- gyzlarymyzy Türkmen halysynyň baýramy bilen gutlaýaryn, goý Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun. Baýramyňyz gutly bolsun.
Makalany taýýarlan Aşgabat şäher medeniyet müdirliginiñ 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Orazmammedowa Maýsa.