10

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.              

   Göçme kitap sergide Dana şahyrymyzyň kitaplary we Magtymguly Pyragy baradaky kitaplar ýerleşdirildi. Hormatly Perzidentimiziň ýolbaşçylygynda  ýazjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini, goşgularyny çuňňur öwrenmäge, olary sergilerimiziň üsti bilen ýaşlara ýetirmäge, uly mümkinçilikler döredildi.

   Berkarar  döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlygyny dünýä  ýaýmak we ýaş nesillere öwretmek  asylly ýörelgeleriň biri bolup durýandygyny, akyldaryň, şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdümilik orny eýelän beýik şahsyýetlerimizi tirsegine galdyryp, olaryň şöhratynyň barha beýgelýändigi barada belläp geçdiler.

   Gürrüňdeşligiň ahyrynda bize nusgawy edebiýatymyzy, milliligimizi, medeniýetimizi, taryhymyzy giňişleýin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.