58

“Magtymguly” atly täze kitabyň tanyşdyrlyş dabarasy

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen I. Gandi adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw  mekdebiniň  bilelikde guramagynda  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy  mynasybetli halkymyzyň eline gelip gowuşan “Magtymguly” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

          Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan “Magtymguly” atly täze kitap – şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyryň bu kitabynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat goýmak, dost-doganlyk, gahrymançylyk, watançylyk ýaly şygyrlarynyň iki ýüz ýetmiş bir sanynyň ýerleşdirilendigini belläp geçdiler we ýaş nesilleri watana wepaly ýaşlar edip terbiýelemekde dana şahyryň şygyrlarynyň ähmiýetiniň ulydygy barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.