8

Akyldar şahyryň goşgulary – asylly terbiýäniň çeşmesi

image


   Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň  Hajy Ysmaýylow  adyndaky  kitaphana  şahamçasynyň guramagynda 85-nji orta mekdebinde  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Akyldar şahyryň goşgulary – asylly terbiýäniň çeşmesi” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri umumadamzat gymmatlygy bolmak bilen, çuňňur many-mazmuna eýedigi we  türkmen edebiýatyna uly goşant goşan akyldar şahyryň edebi döredijiligi diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem häzirki döwrümiziň hem ýaş nesillerine ýol-ýörelge bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de Akyldar şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan, watançylyk, ruhy-ahlak, edep-terbiýe baradaky şygyrlaryndan birnäçesi çeper okaldy.  

Gürrüňdeşligiň ahyrynda  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.