Sungat mekdepleri

  • “Neşekeşlik we çilim çekmegiň zyýany”

    “Neşekeşlik we çilim çekmegiň zyýany”

    Şu gün 7-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda mekdebiň mejlisler zalynda  “Neşekeşlik we çilim çekmegiň zyýany” atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlige Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Bagtyýarlyk etrap polisiýa bölüminiň 1-nji polisiýa bölümçesiniň ýerli wekili leýtenant Süleýman Dorjaýew gatnaşdy . Polisiýanyň leýtenanty öz gezeginde okuwçylara çilim, nas we psihotrop maddalar we zyýanly endikler barada, tertip […]

    Doly okamak

    ,
  •  ÝAŞ SURATKEŞLER AJAÝYP GÖZEL SUNGATYŇ AŞYGY

     ÝAŞ SURATKEŞLER AJAÝYP GÖZEL SUNGATYŇ AŞYGY

          Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe gadamy batly ýaşlarymyzyň şekillendiriş sungatyna höwesleri has döredijilikli. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçy ýaşlary 2025-nji ýylyň Fewral aýynyň 8-ne Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýine döredijilik okuw tejribeliginde boldular. Türkmen şekillendiriş sungatynda uly yz goýan ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň öz döwründe döreden döredijilik eserlerine […]

    Doly okamak

    ,
  • ”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna bagyşlanyp

    ”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna bagyşlanyp

          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha ösýär. Ýakymly pursatlara beslenip gelen ýylymyz  “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”  diýlip atlandyrmak  bilen, kalplarda parahatçylyk söýüjilik ýolumyza bolan buýsanjy hasda artdyrdy. Türkmen halkynyň parahatçylygy, dost-doganlygy asylly ýörelgesi höküminde kämilleşip gelýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň  “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk […]

    Doly okamak

    ,
  • DÖREDIJILIK GEZELENJI

    DÖREDIJILIK GEZELENJI

    Ýakynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine ýörite döredijilik gezelenjini gurnady. Döredijilik gezelenjiniň dowamynda mugallymlar we okuwçy ýaşlar muzeýiň gymmatly taryhy ýadygärlikleri synladylar. Muzeýiň ekspozisiýasynda Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri bolan Jeýtundan, Altyndepeden, Marguşdan, Köne we Täze Nusaý patyşalygyndan, Merwden, Köneürgenç döwletlerinden tapylan tapyndylary uly gymmatlyk […]

    Doly okamak

    ,
  • ”Ýylyň göreldeli okyjysy”

    ”Ýylyň göreldeli okyjysy”

    Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Merkezi we kitaphana şahamçalarynyň okyjylarynyň arasynda “Ýylyň göreldeli okyjysy” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň okyjysy, 7-nji çagalar sungat mekdebiniň skripka hünäriniň  4–nji synp okuwçysy Seýtgulyýewa Aýläle gatnaşyp 3-nji orna mynasyp boldy. Seýtgulyýewa Aýläle mekdepden boş wagtlary Aman Kekilow adyndaky kitaphana […]

    Doly okamak

    ,
  • “Ýaş zehin” gepleşigine gatnaşan

    “Ýaş zehin” gepleşigine gatnaşan

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  ”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda sungatyň aşygy bolan, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary hem “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Ýaş zehin” gepleşigine gatnaşyp aýdym-sazly söhbetdeşlik konsertini geçirdiler. Gepleşikde okuwçylaryň aýdym-saz sungatyna gelişleri aýdym-saza bolan höwesleri dogrusynda gürrüň etdiler hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Watanymyzy, türkmen halkynyň milli senedi bolan […]

    Doly okamak

    ,
  • “Magtymguly – dünýäniň akyldary”

    “Magtymguly – dünýäniň akyldary”

    Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat  Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgi, 7-nji çagalar sungat mekdebi,  Merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň A.Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bilelikde gurnamagynda “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy.    Magtymguly Pyragy – türkmeniň ykbal serpaýy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly “Magtymguly – dostlugyň waspçysy”. Magtymguly Pyragynyň şygyrýet dünýäsi diňe bir halkyň, ýurduň […]

    Doly okamak

    ,
  • Untitled post 241

    Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde şowhunly konsert geçirildi.

    Doly okamak

    ,
  • TÄZE ÝYLYŇ ŞOWHUNY

    TÄZE ÝYLYŇ ŞOWHUNY

            Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary hem-de okuwçylary täze ýyl baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzyň täze ýyl baş arçasynda ýörite baýramçylyk ýazgysyny gurnady. Baýramçylyk lybasyna beslenen baş arçanyň töweregi täze ýyl baýramçylygynyň ruhynda diýseň owadan bezelipdir. Meşhur ertekileriň gahrymanlarynyň heýkel eserleri şadyýan keşpde görkezilýär. Älemgoşar mysaly bezelen arçanyň gözelligi diýseň täsin görünýär. Dürli […]

    Doly okamak

    ,
  • Baýramdurdy Hudaýgulyýewiň 85 ýyllygy mynasybetli

    Baýramdurdy Hudaýgulyýewiň 85 ýyllygy mynasybetli

    Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebi hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk artisti Baýramdurdy Hudaýgulyýewiň 85 ýyllygy mynasybetli mekdebiň “Saýrak bilbiller” hor topary hem çykyş edip, diňleýjilerde uly täsir galdyrdy.

    Doly okamak

    ,