Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň, 7-nji çagalar sungat mekdebiniň we Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet sözünden döwür gülleýär” ady bilen aýdym-sazly medeni çäresigeçirildi.
Baýramçylyk çäresiniň dowamynda medeniýet köşgüniň hünärmeni, kitaphana işgäri hem-de sungat mekdebiniň kitaphanaçysy beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň baý many – mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldar şahyrdygyny, akyldaryň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri halkyň kalbynda hemişelik orun alandygyny, türkmen halkyny bir döwlet gurmaga, bagtly jemgyýeti döretmäge çagyrýandygy, şahyryň goşgularynyň ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup durýandygy dana Pyragynyň çoh garaşan ajaýyp eýýamy Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hasyl bolýandygy, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe sürülýan watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden wagyz etmek biz medeniýet, döredijilik işgärleri üçin hem mukaddes borç bolup durýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Ýazgynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw edildi.









