Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillermiz milli ruhda terbiýelenýär, olara watansöýüjilik gymmatlyklaryny öwredilýär. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy”, “Älem içre at gezer” atly eserlerinde Berdimuhammet mugallymyň geçen durmuş we söweş ýoly, il-gün üçin bitiren işleri beýan edilýär.Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy”, “Älem içre at gezer” atly eserlerinde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe geljekki nesilleriň asuda durmuşyny üpjin etmek üçin görkezilen edermenlikleri beýan edilýär.
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Mert atalaň ömri bize görelde” atly Ýeňiş günine bagyşlanyp “Garaşsyzlygyň 15-ýyllygy” seýilgähinde geçirilen dabaraly konsertimizde mekdebimiziň okuwçylaryndan düzülen aýdym-saz toparlary çykyş etdiler. Baýramçylyk konsertiniň dowamynda ýurdumyzda ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik ýörelgelerini öňe sürýän, Watanymyzyň şan-şöhratyny belende galdyrýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edildi.









